HBO täze serial üçin Garri Potteri, Rony we Germionany saýlady

  • 28.05.2025 12:36
  • 6.7k+

HBO Garri Potter baradaky geljekki serial üçin baş keşpleri ýerine ýetirjek aktýorlary saýlady. Baş gahrymany Dominik Maklaflin, onuň dostlary Ron Uizli bilen Germiona Greýnjeri – Alaster Staut we Arabelle Stenton ýerine ýetirer diýip, Warner Bros. Discovery-nyň metbugat relizinde aýdylýar.

Şourannerler baş keşpler üçin aktýorlary 2024-nji ýylyň güýzünden bäri gözledi. Bellenilişi ýaly, açyk kastinge 32 müň töweregi çaga gatnaşdy.

“Uzak dowam eden gözleglerden soň biz Garrini, Germionany we Rony tapandygymyzy habar bermäge şat. Bu üç üýtgeşik aktýoryň zehini haýran galdyrýar we biz dünýäniň olaryň bilelikdäki jadysyny ekranda görmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biz diňlenişikden geçen onlarça müň çaga minnetdarlyk bildirýäris. Bize özümiz üçin köp sanly ýaş zehinleri açmak diýseň ýakymly boldy” – diýip, taslamanyň şouranneri Françeski Gardiner belledi. 

Täze aktýorlar azyndan 10 ýyl dowam eder diýlip garaşylýan serialda baş keşpleri ýerine ýetirer diýip, Deadline belleýär. Öz döwründe jadygöý oglan baradaky kinofranşizada baş keşpleri ýerine ýetirijiler Deniel Redkliff, Emma Uotson we Rupert Grint hem Garri Potter baradaky filmlerden soň meşhurlyk gazanypdy.
HBO Joan Roulingiň eserleriniň esasynda serial düşürmek boýunça işleriň başlanandygyny 2023-nji ýylyň aprel aýynda habar berdi. Telekompaniýa serialyň ýazyjynyň “meşhur kitaplarynyň doly uýgunlaşmasy” boljakdygyny aýtdy.
Aprel aýynda täze serialda uly keşpleri kimiň ýerine ýetirjekdigi belli boldy. “Hogwarts” jadygöýlik mekdebiniň müdiri Albus Dambldory Jon Litgou, professor Sewerus Sneýpi Paapa Essýedu, “Griffindor” fakultetiniň dekany Minerwa MakGonagally Janet Maktir oýnar. Şeýle-de, professor Kwirinus Kwirell üçin Lýuk Tallon, Rubeus Hagrid üçin Nik Frost, Argus Filç üçin Pol Uaýthaus saýlandy.
Serialyň 2025-nji ýylyň tomsunda surata düşürilip başlanmagyna garaşylýar. Ilkinji möwsüm 2026-njy ýylda ýaýlyma çykar.
Beýik Britaniýada serialy surata düşürmek üçin mini-şäher gurulýar. Ol Warner Bros. studiýasyna 1 mlrd funt sterlinge (1,25 mlrd dollar) düşer.


düýn 19:16
2.6k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
687

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.5k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......