Huawei uly tanyşdyrylyşdan soň ýene birini taýýarlaýar: bu gezek Pura 80 smartfonlary görkeziler

  • 28.05.2025 12:13
  • 3.4k+

Hytaýyň Huawei kompaniýasy ýakynda uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, Nova 14 smartfon hataryny we ilkinji eplenýän noutbuk MateBook Fold Ultimate Design-y görkezdi. Indi kompaniýa Pura 80 flagman smartfonlarynyň hatary üçin täze premýera taýýarlanýar. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär.

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, hatara üç model girip biler: Pura 80, Pura 80 Pro we Pura 80 Ultra. Pura 80 Pro modelinde Huawei-niň özi tarapyndan işlenip taýýarlanan ýörite şekil datçigi ulanylar diýlip garaşylýar.
Täze hasabatda kompaniýanyň RYYB reňk süzgüji bilen 50 Mp 1 dýuýmlyk SmartSens SC5A0CS datçigini ulanyp biljekdigi aýdylýar. Ozal insaýderler smartfonda Sony IMX989 sensorynyň ulanyljakdygyny habar beripdi.
Ähtimal, Huawei bu datçigi synagdan geçirip, soňra öz önümini ulanmak kararyna gelen bolsa gerek.
Eger üýtgeşmeler diňe esasy sensora täsir etse, beýleki modullar öňküligine galyp biler. Öň, syzma maglumatlarda 50 Mp ultra giňburçly kamera we 50 Mp periskopik makrokamera barada gürrüň edilipdi. Sensorlaryň üçüsi-de RYYB süzgüjini ulanar, bu hem gowşak ýagtylykda suratyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Şeýle-de, Pura 80 Pro-nyň 1,5K durulyk we LTPO tehnologiýasy bilen 6,78 dýuýmlyk OLED displeýini aljakdygy habar berilýär.
Huawei Pura 80 hatarynyň tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde bolmagyna garaşylýar. 


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...