Nepally alpinist Kami Rita Şerpa Ewereste rekord 31-nji gezek çykdy

  • 27.05.2025 20:07
  • 5.9k+

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 31-nji gezek Ewereste çykyp, öz dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada The Kathmandu Post habar berýär.

Daga çykmagy gurnan Seven Summit Treks kompaniýasynyň başlygy Mingma Şerpanyň habar bermegine görä, 55 ýaşly alpinist sişenbe güni durnukly howa şertlerinde dünýäniň iň beýik depesine ýetdi. Häzir ol aşak düşüp başlady we esasy lagere tarap ugrady.
Kami Ritanyň asly Solukhumbu daglyk sebitinden. Ol ilkinji gezek Ewereste 1994-nji ýylda çykdy we dünýäde iň tejribeli alpinistleriň biri hasaplanýar.
Reýtingde onuň yzyndan iň beýik depä 29 gezek çykan Pasang Dawa Şerpa gelýär. Ol şu ýazky möwsümde iki gezek çykdy.
Ewereste ilkinji gezek üstünlikli çykylandan bäri geçen 72 ýylyň içinde müňlerçe alpinist bu depä çykyp, dürli rekordlar goýdy. Bu hem daga bolan gyzyklanmany artdyrdy.
Şu ýyl täze rekordlara dalaş edýänleriň arasynda Taşi Gýaljen Şerpa bar. Ol Jomolungma 20 günde dört gezek çykmagy meýilleşdirdi.
Häzire çenli Ewereste 8 müňden gowrak adam çykdy.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....