Hançžouda dünýäde ilkinji gezek gumanoid robotlaryň arasynda söweş geçirildi

  • 27.05.2025 10:47
  • 6k+

Hytaýda gumanoid robotlaryň arasynda dünýäde ilkinji söweş Unitree Iron Fist King: Awakening! geçirildi. Söweş 25-nji maýda Hançžouda (Çžeszýan welaýaty) CMG World Robot Competition-yň çäklerinde geçdi diýip, CCTV teleýaýlymy habar berýär.

Ilkibaşda robotlar söweş usullaryny görkezdi, çäräniň ýaryş böleginde bolsa uzak aralykdan dolandyrylýan robotlar MMA stilinde birnäçe sparring geçirdi. Çäräniň esasy hyzmatdaşy ýerli Unitree Robotics kompaniýasy boldy.
Inženerler robotlary taýýarlamak bilen, olaryň deňagramlylygy saklamak ukybyna üns berdi. Olar ringe çykmazdan ozal birnäçe stress-synaglardan geçdi.
Söweşe 2024-nji ýylyň maý aýynda hödürlenen G1 modeli gatnaşdy. Bu boýy 1,32 metr bolan gumanoid robotdyr. Ol H1 modelinden (1,8 m) kiçi, ýöne has çalasyn bolup, 2 m/s çenli tizlik bilen hereket edip bilýär.
Robotlar dört operatorlar topary tarapyndan dolandyryldy. Ringde olar çemesiz urgular bilen alşyp, söweş hereketlerini görkezdi.
Ýaryşyň dowamynda ylgamak, ýöremek, tans etmek, aşmak, durnuklylyk ýaly başarnyklar synag edildi. Esasy ölçeg robotyň ýykylandan soň – 8 sekuntda ýerinden turmak ukyby boldy. Bellenilişi ýaly, häzirkizaman EA algoritmleri robotlara millisekuntda herekete jogap bermäge we deňagramlylygy saklamak üçin ähli bogunlaryň işini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Unitree Robotics geljekde şeýle maşynlaryň peýdaly işleri ýerine ýetirip, mysal üçin, önümçilikde agyr ýükleri daşap biljekdigine ynam bildirýär.
Şonuň bilen birlikde, Hytaýyň başga bir şäherinde – Şençžende (Guandun welaýaty) doly göwrümli adam şekilli robotlaryň gatnaşmagynda söweş ýaryşynyň geçiriljekdigi anons edildi. EngineAI Robot Free Combat Tournament: Mecha King atly ýaryş robotlaryň fiziki we intellektual aýratynlyklarynyň hakyky synagy bolar. 


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......