“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” franşizada iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi

  • 27.05.2025 10:16
  • 4.3k+

Tom Kruz bilen “Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi franşizanyň taryhynda iň gowy kassa başlangyjyny görkezdi. Collider neşiriniň maglumatlaryna görä, sekizinji bölüm dünýä prokatynda 190 mln dollar ýygnady.

ABŞ-da film 63 mln dollar gazandy, ýene 127 mln dollary oňa ýurtdan daşary kinoteatrlar getirdi.
Üstünligine garamazdan, film Disney-iň “Lilo we Stiç” remeýkinden yza galdy. Ol ilkinji dynç günleri 341 mln dollar gazandy.
“Ahyrky hasaplaşyk” bölüminiň býujeti 250 mln dollar boldy.
Filmiň baş gahrymany – agent Itan Hant (Tom Kruz) emeli aň bilen baglanyşykly howpa garşy göreşýär.
Režissýor hökmünde öňki “Ölüm howply ar alyş” (Смертельная расплата) bölüminiň üstünde işlän Kristofer MakKuorri çykyş etdi.
Tankytçylar filme oňyn baha berdi. Rotten Tomatoes saýtynda filmiň reýtingi 80%, Metacritic-de 100-den 67 bal boldy.


düýn 10:35
2.6k+

Repçi Snup Dogg barada baýopik düşüriler

Repçi Snup Dogg özi baradaky filmiň surata düşüriş işlerine gatnaşar. Bu filmde onuň dünýä meşhurlygyna alyp baran ýoly we aýdym-saz pudagyndaky ilkinji ädimleri barada gürrüň berler diýip, Deadline neşiri habar berýär...

12.06.2025 18:20
2.4k+

Kann kinofestiwaly indiki ýyl üçin senäni tassyklady

2026-njy ýylda Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada ýakynda 78-nji möwsümini tamamlan festiwalyň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär. Kann kinobazarynyň geçiriljek senesi heniz belli däl...

12.06.2025 12:25
2.2k+

Disney+ Marvel-den “Demir ýürek” mini-serialynyň täze treýlerini görkezdi

Disney+ “Gara babyr: Wakanda baky” (Чёрная Пантера: Ваканда навеки) filminiň dowamy bolan “Demir ýürek” mini-serialynyň ikinji treýlerini çykardy. Sýužetiň merkezinde Demir ýürek hökmünde tanalýan 15 ýaşly okuwçy we oýlap tapyjy Riri Uilýams durýar...

11.06.2025 12:47
4.2k+

“Lilo we Stiç” remeýki kassa ýygymynda 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy

Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýki dünýä boýunça kassa ýygymynda 772,5 million dollar toplady. Film 2025-nji ýylda girdejisi 1 milliard dollardan geçen ilkinji film bolup biler. Demirgazyk Amerikada film 335,8 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 436,8 million dollar girdeji gazandy...