«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da ilkinji görkezilişde rekord girdeji gazandy

  • 27.05.2025 09:49
  • 4.2k+

«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da prokatyň ilkinji dört gününde 183 million dollar girdeji gazandy we premýera uik-endinde kassa girdejeleri boýunça täze rekord goýdy.

Ozalky rekord «Paramount» studiýasy tarapyndan surata düşürilen «Top Gan: Mewerik» filmine degişlidi, ol 160,5 million dollar girdeji gazanypdy.
Anna güni «Lilo we Stiç» 56-59 million dollar aralygynda girdeji gazandy. Bu görkeziji ABŞ-nyň Ýatlama güni bilen gabat gelýän anna güni görkezilişlerinden gazanylan 52 million dollarlyk girdejidenem has ýokary boldy, bu rekord ozal «Top Gan» filminiň dowamyna degişlidi.
Film penşenbe günündäki premýeradan öňki görkezilişinde 14,5 million dollar girdeji gazandy. Bu netije Disney üçin Ýatlama günindäki iň ýokary görkeziji boldy, ozalky rekord «Han Solo. Ýyldyz söweşleri: Hekaýalar» («Solo: A Star Wars Story») filmine degişlidi. Mundan başga-da, bu film «Kapitan Amerika: Täze dünýä» («Captain America: Brave New World») filmindenem geçip, 2025-nji ýylyň iň uly öňünden girdejisini gazandy.
Täze filmiň halkara girdejisi 158 million dollara ýetdi. Umuman aýdanyňda, film ilkinji dört günde 341 million dollar gazandy, onuň býujeti bolsa, takmynan, 100 million dollar diýlip çaklanylýar.
2002-nji ýylda çykan ilkinji «Lilo we Stiç» filmi 35,2 million dollar girdeji gazanypdy. Şol wagt bu görkeziji «Oýnawaçlaryň hekaýasy 2» («Toy Story 2») filmi bilen deňeşdirilende pes hasap edilipdi, sebäbi ol film üç günde 57,3 million dollar girdeji gazanypdy.


düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......