“Formula 1-iň” ýedi gezek çempiony Mihael Şumaheriň awtoulagy 16 million ýewro satyldy

  • 26.05.2025 22:45
  • 5k+

Mihael Şumaheriň 2001-nji ýylda Monako we Wengriýa Gran Prisinde ýeňiji bolup, “Formula-1”-iň çempionlygyny alanda münen bolidi 15,98 million ýewro satyldy. Bu barada The New York Times habar berýär.

Ferrari F2001 24-nji maýda Monakoda RM Sotheby’s auksionyna çykarylypdy. Neşiriň berýän habaryna görä, söwda 8 million ýewrodan başlap, aýgytly çekeleşikde geçipdir. Alyjynyň ady aýan edilmeýär. Diňe onuň auksion goýumyny telefonda däl-de, zaldan goýandygy mälimdir.
Gyzgalaňly söwdalaşykda geçen Ferrari F2001 Şumaheriň auksionda satylan iň gymmat bolidine öwrüldi. Ondan gymmat bahadan diňe üç sany Mersedes ýaryş awtoulagy satylypdy.
The New York Times gazetiniň ýatladyşy ýaly, ýaryş awtoulagynyň rekord bahasyny şu ýylyň başynda 51,2 million ýewro satylan Mersedes W196 goýupdy. Bu awtoulag 1950-nji ýyllaryň ortalarynda Formula 1 ýaryşyna gatnaşypdy.
Mihael Şumaher Formula 1-iň ýedi gezek çempiony. Ol 2013-nji ýylyň ahyrynda fransuz Alp daglarynda lyžada typyp ýörkä agyr kelle-beýni şikesini aldy. Şondan bäri ol köpçülige çykanok. Häzir ol 56 ýaşynda. Onuň maşgalasy ýaryşçy sürüjiniň  şahsy durmuşyny yhlas bilen goraýar.


18.08.2025 08:47
3.1k+

Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar

“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady...

05.08.2025 15:14
4.9k+

“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy. Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln)...

10.07.2025 20:43
2.3k+

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi...

30.06.2025 18:38
4.9k+

Baş keşpde Bred Pittiň düşen “Formula 1” filmi dünýä prokatyny eýeleýär

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda täze “Formula 1” filmi ABŞ-da we Kanadada 55,6 million dollar, dünýäde bolsa 88,4 million dollar girdeji gazandy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Filmiň dynç günleriniň umumy girdejisi 144 million dollardan geçdi we bu prodýuserleriň garaşyşlaryndan ep-esli ýokary boldy...