Realme GT 7 telefondaky iň uzak kinoseans üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 26.05.2025 22:39
  • 3.5k+

«Realme GT 7» smartfony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol mobil enjamda iň uzak wagt film görkezmek boýunça rekord goýdy – 24 sagat. Bu üstünlik Ginnesiň resmi wekili tarapyndan hasaba alyndy.

«Realme» bu rekordyň 7000 mA·sag sygymly batareýanyň we 120Wt güýçli tiz zarýad berşiň mümkinçiligi bilen gazanylandygyny aýtdy. Batareýasy «TÜV Rheinland» tarapyndan sertifikatlaşdyrylan we 5 ýyldyz alan.
«Realme GT 7» we «GT 7T» smartfonlarynyň halkara tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Parižde geçiriler. Global wersiýasy Hytaý wersiýasyndan tapawutly bolar. Onda «MediaTek Dimensity 9400e» çibi ornaşdyrylar, Hytaý wersiýasynda bolsa «Dimensity 9400+» ulanylýar. Şeýle-de halkara wersiýasynyň batareýasynyň sygymy 7000 mA·sag, Hytaý wersiýasynda bolsa 7200 mA·sag. Smartfon 7,5 Wt ters zarýad bermegi hem goldaýar.
Enjamyň kamerasy esasy «Sony IMX906» sensor, 112° giňburçly obýektiw we 32 megapiksel öňdäki kamera bilen enjamlaşdyrylan. Öňdäki kamera 4K çözgütde sekuntda 120 kadrda wideo düşürmäge ukyply.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....