ABŞ-nyň milli ýygyndysy 65 ýylda ilkinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempionatyny utdy

  • 26.05.2025 20:49
  • 6.8k+

ABŞ-nyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Şu ýyl ýaryşy Şwesiýa we Daniýa kabul etdi.

Stokgolmda geçirilen final oýnunda amerikalylar Şweýsariýanyň toparyny owertaýmda 1:0 hasabynda utdy. Amerikan ýygyndysyna ýeňiş gazanmaga hüjümçi Teýj Tompsonyň takyk urgusy kömek etdi.
Ilkinji gezek ABŞ dünýä birinjiliginde 1933-nji ýylda ýeňiş gazanypdy. Resmi taýdan olar 1960-njy ýylyň hem dünýä çempionlary diýlip ykrar edildi – şol wagt ýaryş Olimpiýa oýunlary bilen utgaşdyryldy (final oýny bolmady). Şeýle-de, 9 gezek amerikaly hokkeýçiler ýaryşyň kümüş baýragynyň eýesi boldy (soňky gezek 1950-nji ýylda).
Şweýsariýa finalda 2013-nji ýyldan bäri dördünji gezek we yzygider ikinji gezek oýnady, ýöne ýaryşda ýeňiji bolmak bir gezek hem başartmady.
Bürünç medal üçin oýunda şwesiýalylar 6:2 hasabynda Daniýa toparyny utdy.
Hokkeý boýunça dünýä çempionaty 1920-nji ýyldan bäri geçirilýär, 1930-njy ýyldan bäri ýaryş her ýyl geçýär. Ýeňiş sany boýunça rekord altyn medaly 28 gezek alan Kanadanyň milli ýygyndysyna degişlidir. Bu görkeziji boýunça üçlügi Russiýanyň (22 – SSSR, 5 – Russiýa) we Çehiýanyň toparlary (7 – Çehiýa, 6 – Çehoslowakiýa) jemleýär. 


22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
6.1k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....