Hytaýda 5G aragatnaşygy arkaly hemradan adaty smartfona ilkinji wideojaň edildi

  • 26.05.2025 17:07
  • 3.5k+

2025-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň China Satellite Network Group (China SatNet) kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek 5G standarty boýunça hemradan adaty smartfona wideojaňy amala aşyrdy. Synag 13 000 töweregi hemrany uçurmagy meýilleşdirýän Guowang hemra ulgamynyň üsti bilen geçirildi. Bu taslama SpaceX-den Starlink-iň gönümel bäsdeşidir.

Baglanyşyk 5G NTN (Non-Terrestrial Network) halkara standarty boýunça ýola goýuldy. Bu smartfonyň hemra ýörite enjamlar bolmazdan, ýerüsti tor üçin ulanylýan şol bir protokollar boýunça birikdirilendigini aňladýar.

 “Biz 5G NTN-niň synagyny üstünlikli tamamladyk we “kosmos-Ýer” ulgamynyň işe ukyplylygyny tassykladyk. Bu ulanyjynyň adaty 5G smartfonyny ulanmak bilen hemra aragatnaşygyna birigip biljekdigini aňladýar” – diýip, China SatNet-iň ýolbaşçysy Lýan Baoszýun aýtdy.

Şeýle tehnologiýa ýerüsti torlary gurmagyň mümkin däl ýa-da has gymmat bolan sebitlerinde aragatnaşygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ol awiasiýada, deňiz gämilerinde, betbagtçylyk zolaklarynda, şeýle-de awtonom ulgamlar üçin peýdaly bolup biler.
Muňa garamazdan, tehnologiýanyň çäklendirmeleri bar. Geostasionar hemralar signaly 400 ms çenli gijikdirýär. Ony azaltmak üçin bolsa has köp pes orbital hemra gerek, bu hem uly maýa goýumlary talap edýär. Şonuň üçin hünärmenler hemra aragatnaşygynyň ýerüsti torlary çalyşman, olaryň üstüni ýetirjekdigini belleýär.
Ozal şeýle çözgütler diňe SMS ýa-da ses habarlaryny we diňe ýapyk protokollar arkaly ibermäge mümkinçilik berýärdi.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......