Hususy kompaniýa hemrany “taýyn däl” obýekt bilen sepleşdirmäge synanyşar

  • 25.05.2025 19:52
  • 2k+

Amerikanyň Starfish Space hususy kompaniýasy orbitada synag missiýasyny geçirmäge taýýarlanýar. Iýun aýynyň ortalarynda Otter Pup 2 hemrasy kosmosa uçurylar. Onuň maksady - D-Orbit ION apparaty bilen sepleşmek. Manýowr elektrostatik gapjamanyň kömegi bilen amala aşyrylar.

Missiýanyň aýratynlygy D-Orbit ION-yň ýörite sepleşme mehanizmleri bilen enjamlaşdyrylmazlygydyr. Bu "taýyn däl hemra". Otter Pup 2 eliň aýasynyň  ululygyndaky islendik tekiz ýere ýapyşmaly bolar. Eger synag üstünlikli bolsa, bu çemeleşme orbitada taýýarlyksyz dürli emeli hemralara hyzmat etmäge mümkinçilik döredip biler.
Missiýa tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Uçurylandan soň, iki apparat biri-birinden ýüzlerçe kilometr daşlyga gider. Soňra Otter Pup 2 kem-kemden golaýlaşyp başlar. Bu manýowr geljekde orbitada emeli hemra hyzmat ediş amallaryny simulasiýa edýär.
Apparatyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, ulgamda näsazlyk ýüze çykaýan ýagdaýynda-da, çaknyşyklary aradan aýyrýan ýörite traýektoriýalar ulanylýar. Iň pes tizlikde hereket ediler. Birinji sepleşme birnäçe minut dowam eder, şondan soň hemralar aýrylyşar we Otter Pup 2 howpsuz aralyga çekiler.
Häzirki wagtda ýangyjy gutaran ýa-da ulgamy hatardan çykan hemralar kosmos galyndylaryna öwrülýär. Bu missiýanyň üstünligi olaryň hyzmat ediş möhletini  uzaltmaga, abatlamaga we orbitada ýangyç guýmaga mümkinçilik döredip biler. Bu esasanam gymmat geostasionar aragatnaşyk hemralary üçin möhümdir.


düýn 14:38
2.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....