«The Last of Us» serialynyň üçünji möwsümi Ebbiniň hekaýasyny gürrüň berer

  • 25.05.2025 19:36
  • 2.2k+

«The Last of Us» («Biziň iň soňkymyz») serialynyň üçünji möwsüminde üns merkezinde Keýtlin Diwer tarapyndan ýerine ýetirilýän Ebbiniň keşbi bolar. Bu barada serialyň ikinji möwsüminde psihoterapewt Geýliň keşbini ýerine ýetiren aktrisa Ketrin O’Hara gürrüň berdi.

«Seriala gaýdyp gelerinmi, bilemok. Kreýg maňa indiki möwsümde bolmajagymy anyk aýtdy. Sebäbi ol möwsüm Ebbiniň hekaýasy barada boljakmyş... belki şeýledir. Dogrusy, meniň ýerine ýetiren keşbim esasan Joel bilen Elliniň arasyndaky aragatnaşyk üçin gerekdimikä diýip pikir edýän» — diýip, O’Hara «Variety» neşiri bilen gürrüňdeşliginde aýtdy.

Üçünji möwsümiň Ebbiniň hekaýasyna gönükdiriljekdigini oýnuň döredijilerinden biri bolan Nil Drakmann hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, ol häzirki wagtda şouranner Kreýg Meýzin bilen bilelikde ssenariý toparyny düzýär. Bu iş tamamlanandan soň, «The Last of Us Part II» oýnunyň ekranlaşdyrylyşyny tamamlamak üçin dördünji möwsümiň gerek bolup-bolmajakdygy belli bolar. Oýnuň şol bölüminde Ebbi esasy keşpleriň biri bolup çykyş edýärdi, onuň hekaýasy hem Elli bilen parallellikde ösýärdi. Serialyň awtorlary şol gurluşy saklamak we Ebbiniň şahsy dramasy arkaly tomaşaçylaryň onuň edýän işlerine has gowy düşünmegini isleýärler.
Ikinji möwsümiň iň soňky bölümi 26-njy maýda görkeziler.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......