Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar

  • 25.05.2025 10:48
  • 5.9k+

Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär.

Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir. Daniýada häzir pensiýa ýaşy 67 ýaş. 2030-njy ýylda ol 68 ýaş, 2035-nji ýylda 69 ýaş, 2040-njy ýylda bolsa 70 ýaş bolar.
2006-njy ýyldan bäri ýurtda pensiýa ýaşyny ömür dowamlylygy bilen baglanyşdyrýan ulgam hereket edýär. Bu ulgama görä, eger adamlar uzak ýaşaýan bolsa, pensiýa çykmagyň ýaşy her bäş ýyldan bir ýyl ýokarlanýar.
2022-nji ýylda hökümet komissiýasy bu düzgüne gaýtadan seretmegi teklip etdi. Ol ömür dowamlylygy bilen pensiýa ýaşynyň arasyndaky baglanyşygy gowşatmagy göz öňünde tutdy. Hünärmenleriň pikiriçe, bu býujetiň durnuklylygyny saklamaga we pensiýa çykmagyň şertlerini aşa kynlaşdyrmagyň öňüni almaga kömek eder. 


07.04.2025 18:35
6.4k+

Daniýada dünýäde iň kuwwatly ýel generatory guruldy: kuwwaty 21,5 MWt

Ýakyn wagtda Siemens Gamesa kompaniýasy dünýädäki iň güýçli ýel turbinasynyň gurnama işlerini tamamlap, hytaýly öndürijilere garşy çynlakaý bäsdeşlik döretdi. Häzirki wagtda köp sanly ýewropaly kompaniýa, esasan...

11.12.2024 10:22
2k+

Daniýanyň täze ilçisi Mejlisde Daşary işler ministrliginde duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýesper Wardan ynanç hatyny...

15.01.2024 23:38
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, Onuň Alyjenaby Frederik X Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we...

15.01.2024 15:59
8.9k+

Daniýanyň täze Patyşasy Frederik X tagta çykdy

Ýekşenbe güni Daniýanyň Şa zenany Margrete II uly ogly Frederigiň peýdasyna tagtdan el çekýändigi hakynda beýana gol çekdi. Onuň uly ogly Frederik X hökmünde patyşa bellenildi. Şa zenanynyň tagtdan el çekmek dabarasy...