Daniýada dünýäde iň kuwwatly ýel generatory guruldy: kuwwaty 21,5 MWt

  • 07.04.2025 18:35
  • 6.7k+

Ýakyn wagtda Siemens Gamesa kompaniýasy dünýädäki iň güýçli ýel turbinasynyň gurnama işlerini tamamlap, hytaýly öndürijilere garşy çynlakaý bäsdeşlik döretdi. Häzirki wagtda köp sanly ýewropaly kompaniýa, esasan, 14-15 MWt kuwwatly ýel turbinalaryny öndürýär. Emma Siemens Energy kompaniýasynyň bir şahamçasy Daniýanyň deňizýaka sebitinde 21,5 megawattlyk ägirt uly turbinany taýýarlap, ony ýerinde gurnamagy başardy diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.

Häzirki wagta çenli dünýäde iň kuwwatly ýel turbinalaryny öndürmekde öňdeligi hytaýly kompaniýalar, şol sanda Dongfang Electric we MingYang eýeläp gelýärdi. Olar 18-20 MWt kuwwatly turbinalary öndüripdi, şeýle-de 26 megawattlyk turbinany döretmek boýunça meýilnamalary hem bardy. Aýry-aýry turbinalaryň kuwwaty näçe ýokary bolsa, olar tarapyndan öndürilýän elektrik energiýasy-da şonça arzan bolýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, beýikligini Eýfel diňi bilen deňeşdirip boljak ägirt uly gurluşlary daşamak we gurnamak diýseň gymmat bolýar hem-de tehnologik taýdan birnäçe kynçylyklary döredýär.
Ýewropaly öndüriji şeýle güýçli turbinalary gurnamagyň we işletmegiň näderejede çylşyrymlydygyny bilýär. Şonuň üçin hem Siemens Energy 21,5 megawattlyk turbinalary öndürmek boýunça gutarnykly karar kabul edenok. Gurnalan ilkinji ägirt uly turbina synag meýdançasy hökmünde ulanylar. Daniýanyň hökümeti bu turbinanyň 2027-nji ýyla çenli işledilmegine we kämilleşdirilmegine rugsat berdi. Şol döwre çenli kompaniýa şeýle güýçli turbinalaryň köpçülikleýin önümçiligine başlamak ýa-da esasy ünsüni has pesräk kuwwatly enjamlaryň önümçiligine gönükdirmek boýunça anyk karar kabul eder.


05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....