Xiaomi 800 km çenli ýol geçýän ilkinji krossoweri YU 7-ni hödürledi

  • 24.05.2025 13:15
  • 4.7k+

15 ýyllygy mynasybetli geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi özüniň ilkinji elektrik krossowerini – YU 7-ni hödürledi.

Awtomobiliň tigir bazasy 300 sm, göwrümi – 499,9×199,6×160,8 sm. Gapy tutarlary awtomobiliň korpusyna ýygnanýar. Täze Xiaomi 15s Pro smartfonyna gurnalan UWB tehnologiýasynyň kömegi bilen bolsa, gapylaryň gulpuny uzak aralykdan dolandyrmak bolýar.
Salonda HyperVision panorama displeýi oturdyldy we ol öňdäki aýnany tutuş eýeleýär diýen ýaly. Ol adaty enjam panelini çalşyp, awtomobil barada maglumatlary görkezýär. Şeýle-de, Tesla-nyň stilinde merkezi ekran göz öňünde tutuldy we onuň üsti bilen nawigasiýany, aýdym-sazy dolandyrmak bolýar.
Esasy wersiýada YU 7 krossoweri 235 kWt kuwwatly Xiaomi V6s Plus elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ulagyň bir zarýadda geçýän ýoly 800 km barabar. Doly herekete getirijili wersiýada umumy kuwwaty 508 kWt bolan iki hereketlendiriji bar, onuň geçýän ýoly 750 km bilen çäklenýär.
Awtomobiliň iň ýokary tizligi sagatda 253 km ýetýär. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma, wersiýa baglylykda, 3,23 sekuntdan 5,88 sekunta çenli wagt alýar.
Awtomobil üç reňkde elýeterli bolar. Satuw iýul aýynda başlaýar. Krossoweriň bahasy heniz belli däl. 


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....