Apple könelip barýan we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi

  • 24.05.2025 17:20
  • 8.5k+

Apple kompaniýasy wintaž (könelip barýan) we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi. Indi birinji sanawa iPhone 7 Plus-yň ähli wersiýalary, şeýle-de 64 GB we 256 GB ýatly iPhone 8 girdi. 128 GB iPhone 8 we iPhone 8 Plus-yň ählisi, diňe (Product) Red wersiýasyndan daşary, häzirlikçe bu sanawa girmedi.

“Wintaž” sanawyna bäş ýyldan gowrak wagt ozal önümçilikden aýrylan gurluşlar girýär. Apple firma we ygtyýarly hyzmat merkezlerinde şeýle gajetler üçin gerekli şaýlaryň we olary bejermek mümkinçiliginiň barlygyny kepillendirmeýär.
Indi iPhone-yň şeýle sanawynda şu aşakdakylar bar:

  • iPhone 4 (8 GB),
  • iPhone 5,
  • iPhone 6s (16/64/128 GB),
  • iPhone 6s Plus,
  • iPhone SE,
  • iPhone 7 Plus,
  • iPhone 8 (64/256 GB),
  • iPhone 8 (Product) Red,
  • iPhone 8 Plus (Product) Red,
  • iPhone X,
  • iPhone XS Max.

Mundan başga-da, könelenleriň sanawyna iPad Air 2 we iPad mini 2 planşetleri goşuldy. Eger gajetler ýedi ýyldan gowrak wagt ozal çykmagyny bes eden bolsa, könelen adyny alýar. Mundan beýläk olar üçin resmi hyzmat mümkin däldir. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...