Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi

  • 24.05.2025 13:08
  • 11k+

Ýewropada sekizinji nesil Lexus ES ulagynyň premýerasy boldy. Täze wersiýa ozal Demirgazyk Amerikada hödürlenen modelden tapawutlanýar.

Ýewropa bazary üçin niýetlenen model gibrid we doly elektrik görnüşlerde elýeterli bolar. Günbatar Ýewropa ýurtlarynda Lexus ES 300h hödürlener – bu 198 at güýjüni berýän 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid görnüşdir. Ol öňdäki ýa-da yzky herekete getiriji bilen elýeterli bolar.
Gündogar Ýewropa üçin şol bir 2,5 litrlik hereketlendiriji, ýöne 244 at güýji bilen has kuwwatly Lexus ES 350h niýetlenýär.
Şeýle-de, hatara iki elektrik görnüş girýär: öňdäki ýörediji bilen 221 a.g. kuwwatly ES 350e hem-de doly herekete getirijili we 338 a.g. kuwwatly ES 500e. Elektrik modelleriň geçýän ýoly WLTP sikli boýunça 530 km ýetýär.
Awtomobiliň daşky görnüşi Clean Tech x Elegance stilinde ýerine ýetirildi – süýnmek görnüşli kuzow, görünmeýän diýen ýaly gapy tutarlary we yşyk diodly çyralar.
Interýer minimalistik bezeg bilen tapawutlanýar: 12,3 dýuýmlyk sanly enjam paneli, uly mediaulgam ekrany, 17 dinamikli Mark Levinson audioulgamy we has rahat oturgyçlar.
Bahalar we satuwyň başlanjak senesi gijräk yglan ediler. 


şu gün 01:38
3.1k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......