Awstraliýada akulalar zäherli suwotylar sebäpli telbeläp, adamlara hüjüm edýär

  • 24.05.2025 12:25
  • 10k+

Zäherli suwotylaryň aşa köpelmegi Günorta Awstraliýada akulalaryň adamlara hüjüm etmeginiň hem-de kenara zyňylmagynyň sebäbi hökmünde görkezilýär diýip, news.com.au habar berýär.

Ştatyň wise-premýeri Sýuzen Klouzyň sözlerine görä, bu suwotylaryň aşa köpelmegi akulalary gorkuzýar, şeýle-de olaryň zäherlenmegine sebäp bolýar. Zäherlenen akulalar bolsa has agras we hüjümçil bolýar. Klouz suwotylaryň köpelýän meýdanynyň Kenguru adasynyň meýdany (4405 km²) bilen deňdigini aýtdy. Käbir sebitlerde suwotylaryň köpelmegi 20 metr çuňluga çenli dowam edýär.

«Bu suwotylar balyklar üçin zäherli, olaryň köpelmegi balyklaryň özüni alyp barşynyň üýtgemegine sebäp bolýar. Şeýle hem akulalar kenara has ýakyn ýüzüp başlaýarlar. Mysal üçin, ol gün ölüp barýan bir ak akula Adelaidadaky Henli plýažynda kenara çykypdy» — diýip, Klouz aýtdy.

Suwotylaryň aşa köpelmegi diňe bir akulalara däl, eýsem beýleki deňiz jandarlaryna-da zyýan ýetirýär. «OzFish» atly täjirçilik däl guramanyň hasaplamalaryna görä, balyklaryň 200-e golaý görnüşi suwotylar sebäpli heläk bolýar. Klouzyň bellemegine görä, bu ýagdaý geçen ýyl deňizde dowam eden ýokary temperaturalaryň we şemalsyz howanyň netijesinde ýüze çykypdyr (şemal suwotylaryň köpelmeginiň öňüni alýar).
Suwotylaryň aşa köpelmegi deri asty ganöýmelerine-de sebäp bolup bilýär. Şeýle-de gijelerine suwotylaryň suwdan kislorody sorup alýandygy sebäpli, töwerekde ýüzýän balyklar demikmek howpuny başdan geçirýärler.
Klouz dynç alyş möwsüminde adamlara akulalaryň ýagdaýy bilen baglylykda, seresap bolmagy tabşyrdy.


28.01.2026 11:12
12k+

«Ýer ala, ýurt ala» : Awstraliýada 50 graduslyk jöwza höküm sürýär

Awstraliýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Ýurtda 27-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň 50 gradusa golaýlandygy hasaba alyndy. Sky News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli meteorologlar Wiktoriýa ştatynyň birnäçe ilatly nokatlarynda termometrleriň 48,9 gradusa çenli ýokarlanandygyny mälim etdiler...

19.09.2025 14:55
5.6k+

Awstraliýada 1,5 mln adam umman derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli howp astynda

Awstraliýanyň klimat gullugy global ýylamanyň netijeleri barada çaklamasyny hödürledi. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli umman derejesiniň ýokarlanmagy ýurduň 1,5 million ýaşaýjysynyň janyny howp astyna goýup biler diýip, The Guardian habar berýär...

09.03.2025 08:11
6.6k+

Awstraliýada iň gadymy meteorit krateri tapyldy. Ol Ýere 3,5 milliard ýyl ozal gaçypdyr

Kýortin uniwersitetiniň barlagçylary Günbatar Awstraliýada 3,5 milliard ýyl ozal emele gelen iň gadymy meteorit kraterini tapdylar. Bu barada Nature Communications žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Krater...

düýn 18:47
5.6k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...