«Tur de Frans» ýaryşynyň soňky tapgyry ilkinji gezek Monmartr depesinden geçer

  • 24.05.2025 12:29
  • 1.9k+

Fransiýanyň meşhur «Tur de Frans» welosiped ýaryşynyň soňky tapgyry ilkinji gezek Parižiň 18-nji etrabyndaky Monmartr depesinden geçer. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär.

«Tur de Frans» – 100 ýyldan gowrak wagt bäri Fransiýada we goňşy ýurtlarda geçirilýän iň meşhur we abraýly welosiped ýaryşydyr. Ýaryş 21 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyr bir gün dowam edýär. Geçilýän ýoluň uzynlygy 3 müňden 4 müň kilometr aralygynda üýtgeýär.
Ýaryşçylar üç gezek Lepik köçesi bilen Monmartr depesine çykyp, soňra Sakre-Kýor ybadathanasynyň eteginden geçip, ahyrynda 1975-nji ýyldan bäri ýaryşyň tamamlanýan ýeri hasaplanýan Ýeliseý meýdançasynda pellehana ýeterler. Geçen ýyl Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görülýändigi sebäpli, ýaryş Nissa şäherinde tamamlanypdy.
Habar berilmegine görä, «Tur de Frans» ýaryşynyň guramaçylary Olimpiýa oýunlarynda geçirilen erkekler ýol ýaryşynyň üstünlikli geçmeginden ruhlanypdyrlar – bu ýaryşa 500 müňden gowrak tomaşaçy ýygnanypdy. Ilkibaşda Parižiň polisiýa prefekturasy aşa köp tomaşaçynyň ýygnanmagyndan howatyrlanyp, bu taslamany ret edipdi. Emma soňra bu pikiri Parižiň häkimligi we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem goldady.
Şu ýylky «Tur de Frans» 5-nji iýulda Lill şäherinden başlap, 27-nji iýulda tamamlanar. 14-nji we 21-nji iýul dynç günleri bolar.


14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

18.04.2026 12:16
2.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....