Iki gara girdabyň birleşmeginden dörän güýç Älemdäki ähli ýyldyzlaryň saçýan ýagtylygynyň jeminden geçdi

  • 24.05.2025 12:36
  • 13k+

Ilon Mask iki gara girdabyň birleşmeginiň simulýasiýasyny görkezýän wideony teswirledi. Şol wideoda gara girdaplaryň birleşmesi wagtynda radiasiýanyň iň ýokary güýji 36 septillion ýottawatta ýetýär.

«Ynha, hakyky generator!» — diýip, golaýda özüne gyssagly terawatt güýjüň gerekdigini aýdan milliarder ýazdy (bu ABŞ-nyň ähli ştatlarynyň bilelikde öndürýän güýjüne deňdir).

Ozal dartyş güýjüniň tolkunlaryna göni syn edilýän mahaly, iki sany gara girdabyň iň uly birleşmesi hasaba alnypdy. Şol birleşmede dartyş güýjüniň tolkunlarynyň radiasiýasynyň iň ýokary güýji 36 septillion ýottawatta (3,6 × 10⁴⁹ watt) ýetipdir. Bu görkeziji Älemdäki ähli ýyldyzlaryň saçýan ýagtylygynyň jemi güýjünden has ýokarydyr.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...