Diňe ýeke ýaşaýjysy bolan şäherçe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol hem häkim, hem kitaphanaçy...

  • 23.05.2025 19:11
  • 16k+

Amerikanyň Nebraska ştatynyň Monowi şäherçesinde ýeke adam - 90 ýaşly Elsi Eýler ýaşaýar. Ol şol ýeriniň häkimi, edara gullukçysy, gaznaçysy, kitaphanaçysy we ýerli garbanyşhananyň eýesi.

Monowi iň az ýaşaýjyly ilatly ýer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Eýler 2004-nji ýylda tä adamsy Rudi ýogalýança onuň bilen şäherçede ýaşady. Şondan bäri ol ABŞ-nyň ilat ýazuwynda resmi taýdan hasaba alnan ýeke-täk ýaşaýjy bolup galýar. Är-aýal mekdepde tanşyp, Monowide mesgen tutdular. Olar bilelikde adamlaryň ýuwaş-ýuwaşdan şäherçäni terk edişlerine syn etdiler.


Häzirki wagtda Elsi galan üç binany - garbanyşhanany, kitaphanany we öz öýüni dolandyrýar. Garbanyşhanada hepdede alty gün, günde 12 sagat işleýär. Ýerli daýhanlar, dostlary we rekord goýujyny görmek üçin ýörite gelýän bilesigelijiler üçin kofe, içgileri we tagamlary taýýarlaýar. Eýleriň maşgalasy 1971-nji ýyldan bäri bu  garbanyşhananyň  eýesi. Bu ýerde zatlaryň bahalary öňki-öňküligine galyp gelýär: piwo 2 dollar, burger 3,5 dollar.


Elsi 2005-nji ýylda adamsynyň 5000 kitapdan ybarat ýygyndysyny ulanyp, onuň hatyrasyna bu kitaphanany açdy. Her ýyl ol spirtli içgileri satmak üçin öz ygtyýarnamasyna özi gol çekýär we öz-özüne berýär, şäher býujetini hem özi dolandyrýar.

The New-York Times gazetine beren interwýusynda "Bar – bu men, men bolsa - şäher. Biz biri-birimiz bilen juda baglanyşykly, biri bolmasa beýlekisini göz öňüne getirmek mümkin däl" – diýip, ol New York Times-a beren interwýusynda aýtdy.


Eýler köp sanly telegepleşikleriň we makalalaryň gahrymany boldy. Oňa ABŞ-nyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlaryň 60-dan gowragyndan syýahatçylar gelýär. Elsiniň sözlerine görä, adamlar onuň içini gysdyranoklar, üstesine, dostlarydyr garyndaşlary we agtyklary hem ýygy-ýygydan gelip durýarlar.


düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....