Hytaýda «ýaşyl» energetikanyň ösüşi ilkinji gezek CO2 zyňyndylarynyň azalmagyna getirdi

  • 23.05.2025 19:19
  • 8.5k+

Hytaý 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny ilkinji gezek 1,6% azaltmagy başardy. Bu netije ýel, Gün we ýadro energiýalarynyň giňden ulanylmagy bilen gazanyldy diýip, «Carbon Brief» britan neşiri habar berýär.

Zyňyndylary ýurduň ähli künjeginde elektrik energiýasyna bolan islegiň ýokarlanmagyna garamazdan azaltmak başartdy. Hytaýda CO2 zyňyndylarynyň azalmagy ozal diňe energiýanyň sarp edilişiniň umumy peselmegi bilen baglanyşdyrylýardy. Bu üstünlik ilkinji gezek «ýaşyl» energetikanyň ösüşi bilen baglanyşykly boldy.
«Carbon Brief» neşiriniň maglumatlaryna görä, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artmagy Hytaýyň kömüre bolan garaşlylygyny peseltmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa 2021-nji ýylda başlan Hytaýyň 14-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň möhüm bölegidir. Şol meýilnama boýunça täze energetika ulgamyna uly maýa goýumlary göz öňünde tutulýar.
Analitikleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Hytaý dünýä boýunça elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragyny gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden öndürip başlar. Bu üstünlik bolsa dünýäde ekologik taýdan arassa energiýa geçmekde Hytaýyň öňdebaryjylygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ ýaly käbir beýleki iri ýurtlar bolsa öz klimata degişli borçnamalaryndan yza çekilýär.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....