Kwentin Tarantino öz filmleri hakdaky kitaplaryň döredilişine gatnaşar

  • 23.05.2025 12:08
  • 1.2k+

Kwentin Tarantino we žurnalist Jeý Glenni režissýoryň meşhur filmleriniň döreýşi bilen baglanyşykly birnäçe kitap taýýarlaýarlar. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Tarantino olara giriş sözlerini ýazar.

Tapgyryň ilkinji kitaby "The Making of Quentin Tarantinoʼs Once Upon a Time… in Hollywood" diýlip atlandyrylar. Ol “Bir gezek… Golliwudda” filminiň surata düşürilişine bagyşlanýar we şu ýylyň 11-nji noýabrynda çykar.
Maglumatyň doly bolmagy üçin Jeý Glenni Bred Pitt we Margo Robbi ýaly baş keşplerde oýnaýan aktýorlar bilen söhbetdeş boldy. Bu kitaba sahnanyň aňyrsynda bolup geçen wakalar barada täze gyzykly maglumatlary girizmäge mümkinçilik berdi.
Ondan soňky iki kitapda "Biabraý haramzadalar" («Бесславные ублюдки») we "Azat edilen Jango" («Джанго освобождённый») filmleriniň döredilişi barada gürrüň berler. Olary degişlilikde 2026-njy we 2027-nji ýyllarda neşir etmek meýilleşdirilýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......