Lexus atmosferaly V8 hereketlendirijili sedanynyň soňky wersiýasyny çykarar

  • 23.05.2025 11:04
  • 4.9k+

«Lexus» kompaniýasy brendiň atmosferaly V8 hereketlendirijili iň soňky modeli boljak «IS500 Ultimate Edition» sedanynyň çäkli nusgada çykaryljakdygyny mälim etdi. Ulag jemi 500 nusgada öndüriler we diňe Demirgazyk Amerikada satuwa çykarylar.

Awtoulagyň kapotynyň aşagynda 472 at güýji bolan 5,0 litrlik V8 hereketlendiriji ýerleşýär, ol 395 Nm torky üpjün edýär. Sekiz basgançakly awtomatiki geçiriş karobkasy we yzky tekerlerden hereket getirilýän ulgamy bilen 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 4,4 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa – 240 km/sag.
Dolandyryşy gowulandyrmak üçin, öň tarapyna 380 mm diametrli tormoz diskleri we gyzyl reňkli alty porşenli «Brembo» supporterler ornaşdyrylypdyr.
Awtoulag eksklýuziw «Wind» açyk çal reňke boýalypdyr, gara tekerler we açyk reňkli supporterler onuň daş keşbini tapawutlandyrýar. Interýerinde «Ultrasuede» we «NuLuxe» ýaly ýokary hilli materiallar ulanylypdyr, gyzyl nagyşly tikinler bolsa salona sport häsiýet berýär.
«Ultimate Edition-yň» bahasynyň «IS500» modeliniň başlangyç nyrhy bolan 60 müň dollardan ep-esli ýokary bolmagyna garaşylýar.
Bu model «Lexus-yň» atmosferaly V8 hereketlendirijili iň soňky awtoulagy bolup, brendiň taryhyndaky bir döwri tamamlaýar.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....