Britaniýaly ejesiniň hatyrasyna tutuş Awstraliýany ylgap, rak bilen göreşmek üçin serişde ýygnady

  • 23.05.2025 10:31
  • 8.2k+

Britaniýaly ultra-marafonçy Uilýam Guj 3800 km töweregi ylgap, 35 günde tutuş Awstraliýany geçdi. Ol ylgawa 15-nji aprelde Kotteslou kenaryndan başlap, ony 19-njy maýda garşy kenarda, Bondi kenarynda tamamlady. Ylgaw wagty ol özüniň 31 ýaşyny belledi.

Ylgawçy her gün, takmynan, 100 km geçdi – bu 2,5 marafona deňdir. Umuman alanyňda, Guj, takmynan, 90 marafon aralygyny geçdi. Şeýle-de bolsa, bu netije heniz Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan tassyklanmady. Şol sebäpli rekord häzirlikçe Kris Ternbulla degişli, ol bu aralygy 2023-nji ýylda 39 günde geçdi.
Bir ýyl ozal şol bir aralygy awstraliýaly Nedd Brokmann hem ylgap geçdi. Ol 47 gün sarp etdi we haýyr-sahawat üçin millionlarça dollar ýygnady.
Guj öz ylgawyny 2018-nji ýylda rak keselinden aradan çykan ejesi Amanda bagyşlady. Ol Awstraliýanyň Rak bilen göreşmek boýunça geňeşi üçin serişde ýygnady.

“Ol meniň durmuşymda iň üýtgeşik adamdy… Ol meniň eden işime buýsanardy” – diýip, The Guardian onuň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, şeýle uzak aralygy oňa agyr hasrat we ejesiniň ölüm howply kesel bilen göreşde görkezen güýji baradaky ýatlama kömek etdi.

Ylgawçy ilkinji dokuz günüň has agyr düşendigini aýdýar. Guj, köplenç, asla ýatmady diýen ýaly, ol ýoluny dowam etdirmek üçin daň atmanka turýardy we Gün ýaşandan soň ýatýardy.

Pellehanada oňa kakasy ýoldaş boldy. Olar bilelikde kenarda Amandanyň hatyrasyna liliýa çemenini goýdy. 


22.04.2026 17:08
7.4k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...