2025-nji ýylyň aprel aýynda haýsy ýurtda awtomobil satuwy has ýokary boldy

  • 23.05.2025 00:05
  • 8.5k+

GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprel aýynda bütin dünýäde 7 324 712 ýolagçy awtomobili we ýeňil täjirçilik ulagy satyldy. Bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 6% köpdür.

Ýanwar aýyndan aprel aýy aralygynda dünýäde 29 243 912 awtomobil satyldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş 5,9% boldy.
Aprel aýynda Hytaý satuw möçberi boýunça ýene birinji orny eýeledi. Ýurt 2 055 153 awtomobil satdy we bu 2024-nji ýylyň aprel aýyndaky görkezijiden 12% köpdür. ABŞ-da bu döwürde 1 473 995 ulag satyldy, ösüş 11,3% boldy.
Günbatar Ýewropada umumy satuw möçberi 1 085 892 awtomobil boldy, bu bir ýyl ozalkydan 2,2% azdyr. Gündogar Ýewropada 367 605 ulag satyldy – pese gaçyş 1,3%.
Günorta Amerikada 248 039 awtomobil satyldy, bu geçen ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 3,6% köpdür.
Şeýle-de, uly bazarlaryň arasynda Ýaponiýa – 339 790 awtomobil (+10,5%), Günorta Koreýa – 148 332 awtomobil (+6,9%) we Kanada – 178 787 awtomobil (+7,8%) bar.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......