Gazagystana Merkezi Aziýada ilkinji superkompýuter getirildi

  • 22.05.2025 12:53
  • 7.4k+

Gazagystana öndürijiligi, takmynan, 2 ekzaflops bolan sebitiň taryhynda ilkinji superkompýuter klasteri getirildi. Bu barada respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Superkompýuter emeli aň wezipeleri we çylşyrymly hasaplamalar üçin ýörite döredilen iň täze NVIDIA H200 grafiki çiplerine esaslanýar. Ulgam ministrligiň Tier III ygtybarlylyk derejesine laýyk gelýän täze maglumat merkezinde gurnalar we işe giriziler.
Superkompýuter diňe bir hünärmenler üçin elýeterli bolmaz. Ministrlik onuň saglygy goraýyş, energetika, bilim we döwlet hyzmatlaryny hödürlemek ýaly dürli ugurlarda ulanyljakdygyny belledi. Superkompýuterden EA-ny türgenleşdirmek üçin startaplar, ylmy gözlegler üçin uniwersitetler, iş proseslerine EA ornaşdyrmak üçin ylmy merkezler we kompaniýalar peýdalanyp biler.
Ministrlik superkompýuteriň getirilmeginiň Gazagystanda ýokary öndürijilikli hasaplaýyş ekoulgamyny döretmekde möhüm ädim bolandygyny belledi. Ilkinji gezek enjamlar paç we salgyt tölemezden getirildi, bu hem ýurdy halkara IT kompaniýalary üçin maýa goýum tarapdan has özüne çekiji edýär.
Taslama 2029-njy ýyla çenli Emeli aňy ösdürmek konsepsiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär we döwrebap IT infrastrukturasyny gurmagyň bir bölegidir. 


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....