You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça rekord goýdy – 300 trln sifr

  • 22.05.2025 12:52
  • 5.8k+

Linus Tech Tips You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça dünýä rekordyny goýdy, oturdan soň 300000000000000 (300 trln) sifr kesgitlendi.

Taslama 2024-nji ýylyň tomsunda başlandy. Topar Kioxia ýapon kompaniýasy bilen bilelikde superkompýuter ýygnady. Onda 30,72 we 15,36 TB göwrümli CM we CD seriýaly KIOXIA SSD diskleri ulanyldy. Olaryň umumy sygymy 2,2 PB boldy.
Hasaplamak üçin iki AMD EPYC prosessorly, 4 TB operatiw ýatly we NVMe diskleri üçin 8 slotly serwer ulanyldy. Kompýuter sekuntda 100 Gbit tizlikli Ethernet toruna birikdildi.


Enjamlar, elektrik energiýasy we kärende bilen birlikde taslamanyň bahasy 1 mln dollar boldy.
Hasaplama häzirki iň günde iň netijeli hasaplanýan Çudnowskiniň algoritmi boýunça geçirildi. 2024-nji ýylyň tomsunda proses maglumat merkezindäki bökdençlikler we enjamlaryň aşa gyzmagy sebäpli iki gezek togtadyldy. Sowadyş ulgamy täzelenenden soň işler sentýabr aýynda gaýtadan dikeldildi we ýedi aýdan gowrak dowam etdi. Energiýanyň iň ýokary sarp edilişi 20 kWt boldy. Umuman, 105 MWt/sag energiýa harç edildi. Netijede, elektrik energiýasy üçin hasap 15 000 dollar boldy.
Netije 2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Ginnesiň rekordlar kitabynda tassyklandy. Öňki rekord – 62 trln sifr – Google Cloud-a degişlidi (2019-njy ýyl). 300 trillionynjy sifr “5” boldy.
Bellenilişi ýaly, tutuş netijäni çap etmek üçin, takmynan, 11,7 mlrd A4 kagyzy gerek bolardy. Topar maglumatlary bir faýlda saklamagy we köpçülige elýeterli etmegi meýilleşdirýär.
Kanalyň awtorlary Laýnusyň we Jeýkiň aýtmagyna görä, rekord uzak saklanmasa gerek. Häzir olar täze taslamanyň – hemişelik Aperiniň has köp sanyny hasaplamagyň üstünde işleýär.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....