Xiaomi çip döretmek işine tas $7 mlrd maýa goýar we täze ulagyny hödürlär

  • 22.05.2025 12:50
  • 2.1k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy ýakyn on ýylda ykjam gurluşlar üçin hususy mikroçipleri işläp taýýarlamaga 50 mlrd ýuan ($6,9 mlrd) maýa goýar. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamynda habar berdi.

“Çip – bu biziň çykmaly bolan depämiz we eger beýik tehnologiýa kompaniýasy bolmak islesek, gaçyp bilmejek kyn göreşimiz” – diýip, Leý Szýun aýtdy.

Mundan başga-da, penşenbe güni Xiaomi özüniň ilkinji prosessoryny – Xring O1-i hödürlär. Şol gün hem kompaniýa YU7 elektromobilini tanyşdyrar. Ol hytaý bazarynda Tesla Model Y-nyň bäsdeşi bolar diýlip hasaplanýar.
Xiaomi eýýäm elektromobil bazarynda ornaşdy. Geçen ýyl kompaniýa SU7 sedanynyň satuwyna başlady we ol dekabr aýyndan bäri Hytaýda satuw boýunça Tesla Model 3-den öňe geçýär.
Duşenbe güni Gonkong biržasynda Xiaomi-niň paýnamalary 2,7% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň bazar bahasy bir ýarym esse ýokarlandy. 


22.02.2026 01:33
3.7k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

20.02.2026 11:25
2.3k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...