Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy

  • 22.05.2025 20:17
  • 10k+

Türkiýede ilkinji aýdym-saz ýoly açyldy. Ol Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky awtoulag ýolunda ýerleşýär. Bu ýol böleginiň üstünden bellibir tizlik bilen hereket edilende, awtomobiliň tigirleri Wolfgang Amadeý Mosartyň “Türk marşy” (Rondo alla turca) sazyny “çalyp başlaýar”.

Ses ýoluň üstündäki ýörite bellikleriň we çuňluklaryň netijesinde ýüze çykýar. Haçan-da awtomobiliň tigirleri olara degip geçende, wibrasiýalar döreýär. Olar hem owadan saza öwrülýär.
Taslama diňe bir estetiki täsiri döretmek üçin durmuşa geçirilmedi. Onuň esasy maksady ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat. Sazy doly eşitmek üçin sürüji maslahat berilýän tizligi saklamaly. Bu has ünsli we seresaply sürmäge ýardam edýär.
Häkimiýetler üstünlikli bolan ýagdaýynda şeýle ýol bölekleriniň ýurduň beýleki sebitlerinde hem peýda bolup biljekdigini belledi.


01.06.2026 20:16
6.5k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......