Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi

  • 21.05.2025 15:15
  • 12k+

Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply.

Ilkinji magdan awtonom ýük daşaýyş ulgamy Içki Mongoliýanyň Imin käniniň çäginde ýaýbaňlandyryldy. Taslama China Huaneng Group, Xuzhou Construction Machinery Group, Huawei Technologies we State Grid Smart Internet of Vehicles bilen bilelikde amala aşyryldy.
Samoswal ulaglary minus 40 gradusa çenli aşa sowuk şertlerde işlemäge ukyply. Nawigasiýa ulgamyny hem döreden Huawei Technologies awtoulaglarda hemişelik 5G aragatnaşygyna jogapkärdir. Şonuň netijesinde tehnika optimal ugurlary özbaşdak saýlaýar we hereketlerini sinhronlaýar.
Kompaniýalar tejribäni ýurduň beýleki sebitlerine ýaýratmagy meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, geljekde adamyň az gatyşýan ekologiýa şahtalarynyň işe girizilmegine garaşylýar. Ol ýerdäki prosesleriň köpüsi awtomatiki ýerine ýetiriler.


düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....