Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi

  • 21.05.2025 14:24
  • 1.1k+

Hindi zenan ýazyjysy Banu Muştagyň “Heart Lamp” (“Ýürek-çyra”) kitaby Halkara Buker baýragyny aldy. The Washington Post-yň belleýşi ýaly, taryhda ilkinji gezek baýrak aýratyn romana däl-de, kyssalar toplumy üçin berildi.

Kitap 12 kyssadan ybarat bolup, musulman zenanlaryň we Hindistanyň günortasyndaky çetleşdirilen azlygyň wekilleriniň – dalit aýal-gyzlaryň (dalitler “eldegrilmesiz” hasaplanýar) durmuşy barada gürrüň berýär.
Muştak “çetleşdirilen jemgyýetleriň, aýallaryň we garyplaryň” durmuşyna gatnaşýandygyny gürrüň berdi. Ýazyjynyň aýtmagyna görä, ol köp kyssalar üçin pikirleri aktiwist we aklawçy hökmünde kömek eden aýal-gyzlarynyň ýüzlenmelerinden aldy. Eserler 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda ýazyldy.
Asyl eser Hindistanyň resmi dilleriniň biri bolup, ýurduň günorta-günbatarynda ýaýran kannada dilinde ýazyldy. Onda 65 mln töweregi adam gürleýär.
Ýygyndy duýgudaşlygy we ýiti gülki duýgusy üçin ýokary baha aldy. Bu barada aprel aýynda Financial Times-de neşir edilen synda aýdylýar.
Muştak 50 müň funt sterling möçberdäki baýragy (67 müň dollardan gowrak) kitaby iňlis diline terjime eden Dipa Bhasti bilen paýlaşar. Ol Halkara Buker baýragyny alan ilkinji hindi terjimeçisi boldy.
Halkara Buker baýragy dünýäde iň abraýly edebi baýraklaryň biridir. Ol 2004-nji ýylda “Man Group” gaznasy tarapyndan Buker baýragyna goşundy hökmünde döredildi. Ol her ýyl dünýäniň dürli künjeginden awtorlara iňlis diline terjime edilen we Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen kitaplar üçin berilýär.
Dürli ýyllarda baýragyň eýeleri Ismail Kadare (Albaniýa), Çinua Açebe (Nigeriýa), Filip Rot (ABŞ), Laslo Krasnohorkai (Wengriýa), Georgiý Gospodinow (Bolgariýa), şeýle-de soňraky Nobel baýragynyň eýeleri Elis Manro (ABŞ), Olga Tokarçuk (Polşa) we Han Gan (Günorta Koreýa) boldy.

düýn 23:12
1.3k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.5k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
919

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......