“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy

  • 21.05.2025 11:25
  • 3.1k+

HBO Max “Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialynyň – “Ol” filminiň prikweliniň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Onuň premýerasynyň güýzde bolmagyna garaşylýar.

Serialyň wakalary režissýor Endi Muskettiniň Stiwen Kingiň romanyna esaslanan filmlerindäki wakalardan 27 ýyl öň bolup geçýär. Sýužet boýunça, Ol atly elhenç zat gorkudan iýmitlenýär we 27 ýylda bir gezek çagalara hüjüm edýär. Serial tomaşaçylara belli bolan wakalardan öň bolup geçen öňki ölümleri görkezer.

“Bu biziň söýýän kitabymyz we biz heniz gürrüň bermeli wakanyň köpdügini duýduk. Ol personažlara we wakalara şeýle bir baý welin, biz kitaba we bu dünýä gaýdyp gelen muşdaklara hormat goýmagy makul bildik. Hususan-da, biz Maýk Henlonyň öz derňewlerine esaslanan we şäherdäki garry adamlar bilen söhbetdeşlikleri öz içine alan ýazgylarynyň taryhyny gürrüň berýäris. “Derrä hoş geldiňiz” serialynda biz filmde gürrüňi edilen adaty dostluk, ýitgi, bir ynanjyň  güýji ýaly temalara degip geçýäris – ýöne bu waka gorkynyň ýarag hökmünde ulanylmagyna hem ünsi çekýär, bu bolsa biziň döwrümizde iň ýörgünli zatlaryň biridir” – diýip, taslamany dörediji Endi Musketti we onuň aýal dogany Barbara Musketti Entertainment Weekly bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bill Skarsgard ýene-de masgarabaz Penniwaýzyň keşbini ýerine ýetirer. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Teýlor Peýj, Jowan Adepo, Kris Çok, Jeýms Remar, Stiwen Raýder, Madlen Stou we Rudi Mankuzo girdi.


düýn 19:16
2.5k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
687

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.5k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......