“PSŽ” Çempionlar ligasynyň finalyny “Park de Prens” stadionynda göni ýaýlymda görkezer

  • 21.05.2025 11:34
  • 9.4k+

“Pari Sen-Žermen” Çempionlar ligasynyň “Inter” bilen final oýnuny göni ýaýlymda görkezer. Oýun Fransiýanyň häzirki çempionlarynyň öý stadiony bolan “Park de Prensde” ýaýlyma berler diýip, Pariž klubunyň resmi saýty habar berýär.

Çempionlar ligasynyň aýgytly oýny 31-nji maýda “Arena Mýunhen” stadionynda geçiriler. Toparyň Germaniýa gidip bilmeýän muşdaklary üçin parižliler duşuşygyň uly ekranlarda göni ýaýlyma berilmegini gurnar. Mundan başga-da, klub elýeterli iýmit we birnäçe tematiki çäreleri hödürlär.
Ilkibaşda petekleri “Pari Sen-Žermeniň” oýunlary üçin abonement eýeleri satyn alyp biler. Olar üçin baha 10 ýewrodan başlaýar. Soňra petekler MyParis programmasynyň agzalary (klubuň resmi ulgamynda hasaba alnanlar) elýeterli bolar. Boş orunlar galan ýagdaýynda petekler ähli isleg bildirýänlere hödürlener.


şu gün 10:24
992

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......