Ispaniýada ýurt boýunça internet we telefon aragatnaşygy öçdi, bir aý öň ýurt boýunça tok öçüpdi

  • 21.05.2025 07:57
  • 8.6k+

Tutuş Ispaniýada 20-nji maýda irden ykjam telefon aragatnaşygynyň we internetiň işinde bökdençlik bolup geçdi. Bu barada El Pais gazeti habar berýär.

Britaniýanyň LBC ýaýlymynyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar ýurduň ähli uly aragatnaşyk operatorlaryna täsir etdi: Movistar, Orange, Vodafone, Digimobil we O2. Ulanyjylardan ilkinji şikaýatlar irden sagat 5 töweregi gelip başlady. Downdetector saýtynyň bellemegine görä, ulanyjylar jaň edip, SMS kabul edip, ykjam internetden peýdalanyp bilmeýändigini habar berdi.
Aýratynam, Madrid, Barselona, Walensiýa we Sewilýa ýaly uly şäherler zyýan çekdi.
Telefonica telekommunikasion kompaniýasy bökdençligiň sebäbiniň “aragatnaşyk toruny täzelemek boýunça işler geçirilende ýüze çykan näsazlygyň” bolandygyny belleýär.

“Biz tory täzelemek boýunça käbir işleri geçirdik we ol birnäçe kompaniýada käbir hyzmatlara täsir etdi. Biz bu meseläni çözmegiň üstünde işleýäris” – diýip, kompaniýa teswir berdi.

El Pais bökdençlikleriň birnäçe awtonom jemgyýetde gyssagly gulluklaryň işine täsir edendigini belleýär. Käbir sebitlerde 112 belgisi işlemedi. Ýerli wagt bilen 09:30-a çenli (Aşgabat wagty bilen 12:30) gyssagly gulluklar bilen aragatnaşyk dikeldildi.
Bu ýurtda bir aýdan az wagtyň içinde ikinji uly bökdençlikdir. 28-nji aprelde Ispaniýada we Portugaliýada elektrik energiýasy sebit derejesinde öçdi. Şol wagt blekaut sebäpli demir ýollaryň işinde meseleler ýüze çykdy, ýüzlerçe awiagatnawlar ýatyryldy, dükanlaryň we hassahanalaryň işi togtadyldy. Elektrik energiýasynyň öçmeginiň sebäbi häzirem takyk belli däl.


düýn 23:59
884

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus sturtapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

düýn 13:09
6.6k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

düýn 12:35
1.8k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....