Huawei EA we hemra aragatnaşygy bilen Nova 14 smartfon hataryny çykardy

  • 20.05.2025 22:00
  • 3.2k+

Huawei kompaniýasy Hytaýda Nova 14 smartfon hataryny hödürledi. Hatara esasy model bilen birlikde Pro we Ultra wersiýalary girdi.

Smartfonlaryň ählisi Harmony OS 5 operasion ulgamynda işleýär we emeli aň funksiýalaryny goldaýar. Şeýle-de, BeiDou ulgamy arkaly ikitaraplaýyn hemra aragatnaşygy göz öňünde tutuldy.
Esasy Huawei Nova 14 durulygy 2412x1084 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan tekiz 6,7 dýuýmlyk displeýe eýe boldy. Pro modeli 2776×1224 piksel durulykda 6,78 dýuýmlyk egri ekran we 120 GS çenli täzelenme ýygylyny goldaýan LTPO tehnologiýasy bilen üpjün edildi.
Öndüriji prosessorlaryň takyk aýratynlyklary barada maglumat bermedi, ýöne ähli modelleriň ýokary öndürijiligini belledi. Smartfonlar Celia ses kömekçisini we surat redaktirlemek üçin EA gurallaryny goldaýar. Olaryň arasynda obýektleri aýyrmak üçin “EA bozgujy” we portretleri işlemek režimi bar.

Esasy wersiýada kamera – 50 Mp, 12 Mp teleobýektiw we 8 Mp ultra giňburçly modul. Frontal kamera – 50 Mp.
Nova 14 Pro-nyň hem esasy kamerasy üýtgeýän diafragmaly we optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp boldy. Şeýle-de, 12 Mp teleobýektiw, 8 Mp ultra giňburçly modul we has takyk reňk üçin 1,5 Mp Maple Color sensory bar. Frontal kamera – 8 Mp modul we bäş esse zum bilen 50 Mp.
Modelleriň ikisi-de 100 Wt çalt zarýad alyş bilen 5500 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy.
Ultra modeli aýratynlyklary boýunça Pro wersiýasyna ýakyn, ýöne 6,81 dýuýmlyk displeýi we 50 Mp periskopik obýektiwi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, Wi-Fi 7+ goldawy bar.
Hytaýda bahalar: Nova 14 – 2699 ýuandan ($375), Pro – 3499 ýuandan ($485), Ultra – 4199 ýuandan ($580) başlaýar. 


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...