Awstraliýada GPS-iň ornuny tutjak nawigasiýa ulgamy döredildi. Ol 50 esse takyk

  • 20.05.2025 15:15
  • 4.3k+

Awstraliýanyň Q-Ctrl kompaniýasy Ironstone Opal nawigasiýa ulgamyny hödürledi. Ol hemrasyz işleýär we ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýar.

Tehnologiýa GPS-den 50 esse takyk we päsgelçiliklere durnukly. Ol eýýäm dronlarda, uçarlarda we awtoulaglarda ýokary netijeliligi görkezdi.
Tehnologiýa kwant magnitometrlerine esaslanýar. Olar magnit meýdanyndaky üýtgeşmeleri ýazga alýarlar we kartalar bilen deňeşdirýärler. Emeli aň maglumatlary işläp taýýarlaýar we päsgelçiligi ýok edýär. Ulgam Gün tupanlaryna, galyň diwarly binalara we signallaryň böwetlenmegine durnukly bolup, GPS-iň, köplenç, bökdençlik tapýan  ýerlerde ygtybarly işleýär.
Ironstone Opal, kyn şertlerde takyk nawigasiýa wajyp bolan häzirki zaman awtoulaglaryny hem öz içine almak bilen, ulaglar üçin aýratyn peýdalydyr. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň käbir kemçilikleri bar: bölek şaýlarynyň bahasy  ýokary we käbir sebitlerde magnit kartlarynyň mukdary çäkli.
Geljekde ulgam köpçülikleýin bazara elýeterli bolup, nawigasiýa çemeleşmäni üýtgedip biler.


26.01.2026 22:13
3.7k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...

16.01.2026 15:17
5.7k+

Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar...

18.12.2025 13:23
6.4k+

Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi

Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady...

21.11.2025 23:19
7.9k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...