Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

  • 20.05.2025 14:51
  • 2.3k+

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär.

“Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer.
Filmiň surata düşürilişi iýun aýynda Boloniýada tamamlanar we 2025-nji ýylyň güýzünde çykar. Şeýle hem filmde Entoni Hopkins, Mikele Morrone, Jessika Alba we Endi Garsiýa dagy çykyş eder. Režissýory Oskar baýragyny alan “Çaknyşyk” (“Столкновение”) dramasy we “Lamborgini: rowaýaty adam” (“Ламборгини: человек-легенда”) atly baýopiki bilen tanalýan Bobbi Moresko.


23.01.2026 15:14
2.1k+

Toni Starkyň «Ar alyjylar» filmindäki rodsteri auksiona çykaryldy

2012-nji ýylda surata düşürilen «Ar alyjylar» filminde Toni Starkyň/Demir adam-yň sürýän goýy gyzyl reňkli Acura NSX rodsteri ýakyn wagtda auksiona çykarylar. Ýatladyp geçsek, filmde gahrymanyň roluny Robert Dauni-kiçi ýerine ýetiripdi...

23.11.2025 23:16
4.1k+

Jeep aýrylýan gapyly we sportkar ýaly bat alyş tizligi bilen Recon ulagyny çykardy

Jeep ýokary dinamiki aýratynlyklary bolan Recon SUV ulagyny çykardy. Bu Wagoneer S krossowerinden soň demirgazyk amerikan bazarynda kompaniýanyň ikinji doly elektrik modeli boldy. Täze awtomobiliň aýrylýan gapylary, üçegi we yzky aýnasy bar...

25.10.2025 15:52
4.8k+

“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar

2025-nji ýylda meşhur “60 sekuntda alyp gaçmak” («Угнать за 60 секунд») filminiň remeýkiniň çykanyna 25 ýyl dolýar. Film Eleanor Mustang modeline hakyky meşhurlyk getirdi. Cinema Muscle Recreations kompaniýasy Eleanor GT500 atly baýramçylyk neşiriniň diňe 25 sany aýratyn nusgasyny çykaryljakdygyny mälim etdi...

09.10.2025 17:22
3.1k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi...