Huawei eplenýän displeýli ilkinji noutbugy çykardy. Bahasy $3300

  • 20.05.2025 10:34
  • 2.5k+

Huawei Hytaýda MateBook Fold Ultimate Design noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “ýokary durulygy bolan çeýe displeýli dünýäde ilkinji PK” diýip atlandyrýar.

Noutbugyň agramy 1,16 kg, korpusynyň ýogynlygy bolsa açyk ýagdaýda 7,3 mm barabar.
Noutbuk iň ýokary ýagtylygy 1600 nit bolan iki gatly OLED displeýi we energiýany az sarp etmäge mümkinçilik berýän LTPO tehnologiýasy bilen enjamlaşdyryldy. Ekran üç gat uglerod süýümi bilen goralýar, bu hem onuň urgulara çydamlylygyny ýokarlandyrýar. Uzynlygy 285 mm bolan şarnir mehanizmi ýeňil açylyşy we gurluşyň islendik burçda berk saklanmagyny üpjün edýär. 1000°C-da taýýarlanan berk we maýyşgak sirkoniý ergininden ýasalan ok gurluşyň mäkäm ýapylmagyny üpjün edýär. Sowadyş ulgamy almaz örtükli iki alýumin wentilýatoryny we inçe radiatory öz içine alýar.
18 dýuým diagonally ekranyň durulygy 3,3K bolup, HDR-i goldaýar we DCI-P3 reňk diapazonyny öz içine alýar. Ýapyk ýagdaýda taraplaryň gatnaşygy 3:2, açyk ýagdaýda – 4:3.
MateBook Fold noutbugy HarmonyOS-da işläp, Huawei-niň beýleki gurluşlary bilen ýakyn baglanyşygy we ýokary howpsuzlyk derejesini üpjün edýär. Operasion ulgam köp derejeli şahsyýeti tassyklaýyş we kamerany, mikrofony hem geolokasiýany öçürýän ýokary gorag bilen üpjün edildi.
Hytaýda noutbuk 32 GB operatiw ýatly we 1 TB saklaýjyly wersiýa üçin 23 999 ýuan (takmynan, $3330) bahadan elýeterlidir. 2 TB-li wersiýa 26 999 ýuana (takmynan, $3745) barabar.


16.12.2025 17:18
2.2k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.6k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.5k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...