Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler

  • 20.05.2025 07:16
  • 1.9k+

Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär.

Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler. Filmiň dünýä boýunça premýerasy 6-njy iýunda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Tribeca festiwalynda bolar. Taslamanyň prodýuserligini XYZ Films bilen Panos Kosmatos, Sony Music Vision, Columbia Records we Live Nation bilen bilelikde alyp barýarlar.
Maýli režissýorlyk işini Jeýkob Biksenman we Brendan Uolter bilen bilelikde ýerine ýetirýär. Onuň aýtmagyna görä, bu taslamada oňa ylham beren zat «Pink Floyd» toparynyň döredijiligi bolupdyr.


şu gün 15:20
392

Keýt Winslet "Ýüzükleriň hökümdary" filmindäki "Gollumyň awynda" surata düşer

Britaniýaly aktrisa Keýt Winslet ("Titanik", "Okyjy") "Ýüzükleriň hökümdary" äleminde täze taslama bolan "Gollumyň awynda" surata düşer. Bu barada Deadline neşiri habar berdi. “Oskar” baýragynyň eýesiniň haýsy keşbi ýerine ýetirjegi heniz tassyklanmady...

şu gün 11:04
411

Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer

Universal studiýasy Bon Jovi rok-toparynyň taryhy barada film düşürmek hukugyny aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Filmiň ssenarisini «Satoşini öldürmek» («Убить Сатоши») trilleri bilen tanalýan Kodi Brotter ýazar...

şu gün 07:16
1.1k+

Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar

Amerikan aktrisasy we aýdymçysy Barbra Streýzand Kann kinofestiwalynda hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berdiler. Baýrak onuň kino we saz sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylar...

düýn 21:12
965

Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär

Kwentin Tarantino özüniň ilkinji teatr oýnuny taýýarlaýar. Režissýor "köne britan farsy" žanryndaky sahna oýnunyň üstünde işleýär diýip, Variety neşiri habar berýär . Ilkinji görkezilişini 2027-nji ýylda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär...