Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar

  • 19.05.2025 18:55
  • 4.1k+

Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär.

Fantastik triller “Deeper” (“Çuň”) adyny aldy. Sýužet boýunça baş gahryman hökmünde akwalangist çykyş eder. Onuň wezipesi örän çuň oýa düşmek bolar we ol bu ýerde adatdan daşary zatlar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ssenarini Kruzyň “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasy boýunça kärdeşi Kristofer Makkuori ýazdy.
Filmiň býujeti, takmynan, 200 mln dollar bolar. Häzirki wagtda filmiň distribýutory ýok. Film 2016-njy ýyldan bäri önümçilikde bolup, onda ilkibaşda Bredli Kuper oýnamalydy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......