Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi

  • 19.05.2025 18:53
  • 2.9k+

Günbatar metbugaty aýdymçy The Weeknd-iň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Iň soňky ertir” (Последнее завтра) filmini tankytlady. Trilleriň režissýory indi-kinematografiýaçy Treý Edward Şuls boldy. Ol “Tolkunlar” (Волны) dramasy we “Ol gije gelýär” (Оно приходит ночью) horrory bilen bellidir.

Häzirki wagtda “Iň soňky ertir” filminiň reýtingi Rotten Tomatoes saýtynda bary-ýogy 16%-e deň. Tankytçylar öz synlarynda filmiň doly derejeli däldigini we onuň aýdymçynyň adybir aýdymynyň prologyna meňzeýändigini belledi. Käbirleri filmde “narsissizm”, ýagny “özüňi aşa öwmek alamatlaryna” ünsi çekdi we munuň oňa doly derejeli çeper eser bolmaga päsgel berýändigini belledi.
Jenna Ortega bilen Barri Keoganyň tagallalaryna garamazdan, synçylar “Iň soňky ertir” filminiň kino tarapdan hemmetaraplaýyn şowsuzdygyny we onuň, esasan, aýdym-saz klibine meňzeşdigini nygtaýar.
Belläp geçsek, ilkinji dynç günleri film ABŞ-da prokatda bary-ýogy 3,3 mln dollar ýygnady. Taslamanyň býujeti 15 mln dollar töweregi boldy. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......