YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar

  • 19.05.2025 18:09
  • 2.2k+

Google kompaniýasy YouTube üçin täze görnüşli mahabat formatyny girizýär diýip, Nýu-Ýorkdaky tanyşdyrylyşa salgylanyp, «TechCrunch» habar berýär. Täze tanyşdyrylan «Peak Points» tehnologiýasy wideolaryň iň gyzykly pursatlaryndan, ýagny tomaşaçylaryň ünsüni iň köp jemlän ýerlerinden soň mahabat görkezer.

Şeýle pursatlary anyklamak üçin, Google Gemini emeli aň ulgamy ulanylýar. Bu ulgam wideonyň mazmunyny seljerýär we iň täsirli, gyzykly sahnalary tapýar. Mahabat bolsa şol sahnalaryň yzýanynda peýda bolar.
Şeýle çemeleşmäniň ulanyjylary gaharlandyryp biljekdigi düşnüklidir.
Şol bir wagtyň özünde, YouTube wideolardaky mahabatlaryň ýerleşişini optimizasiýa edip başlady. 12-nji maýdan bäri, mahabatlar sahnanyň çalyşýan ýerlerinde ýa-da gepleşikleriň arasyndaky dymyşlyklarda ýerleşdirilýär. Munuň maksady bolsa, tomaşaçynyň ünsüniň sowulmagynyň öňüni almakdyr.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....