“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler

  • 19.05.2025 17:50
  • 4.7k+

Kann film festiwalynda "Rembo" filmine prikweliň dörediljekdigi yglan edildi. "Jon Rembo" diýlip atlandyrylan täze filmde Wýetnam söweşi wagtynda gahrymanyň başdan geçiren hupbatlary barada gürrüň berler.

Taslama öň “Gaýduwsyzlar” (“Неудержимые”) franşizasynyň filmlerini çykaran Millennium Media kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Režissýory “Rembonyň” ruhuna meňzeş “Ölmezek” (2022) fin ekşn-boýewigini surata düşüren Ýalmari Helander bolar, onda altyn gözleýji bir garry ýekelikde bir topar nasist esgerlere garşy durýar. Prikweliň edebi esasyny “Gara Adam” (“Чёрного Адама”) awtorlary Rori Haýns bilen Sohrab Noşirwani ýazýar.
Deadline-nyň habar bermegine görä, surata düşürmek işi 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Tailandda başlar. Häzirki wagtda kasting dowam edýär. Sýužetiniň jikme-jiklikleri barada hiç zat aýdylmaýar, ýöne wakanyň Wýetnam urşy wagtynda bolup geçýändigi mälim.
Franşizanyň ähli filmlerinde Rembonyň keşbini ýerine ýetiren Silwestr Stallone bu taslama gatnaşmaýar. Deadline-nyň berýän habaryna görä, aktýor filmiň surata düşüriljekdiginden habarly we laýyk keşp tapylsa, prodýuserler onuň hem peýda bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýarlar.
“Rembo: Ilkinji gan” filmi 1982-nji ýylda çykdy we Dewid Morrelliň romany esasynda döredildi. Film kassa ýygymynda 800 million dollardan gowrak girdeji gazanan kult franşizasyny döretdi. Asyl nusganyň üstünliginden soň Morell Rembo barada ýene iki sany roman ýazdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......