“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi

  • 19.05.2025 15:00
  • 3k+

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) ilkinji dynç günleri 102 mln dollar ýygnady diýip, Variety habar berýär. Bu horror franşizanyň ähli bölümleriniň arasynda iň gowy başlangyçdyr. Öňki rekord 2009-njy ýylda çykan dördünji filme degişlidi – 27 mln dollar.

Altynjy bölüm dürli ýurtlaryň prokatynda öňdebaryjy orny eýeledi: film 2-nji maýda çykan “Gök gürrüldedijiler*” filminden we 16-njy maýda prokata başlan The Weeknd-iň “Iň soňky ertir” albomynyň ekranlaşdyrmasyndan öňe geçdi.
ABŞ-da “Ahyrky nokat 6” 51 mln dollar, ýurtdan daşary hem şonça gazandy. Filmiň býujeti 50 mln dollar töweregi boldy.
Film Warner Bros. studiýasynyň “Maýnkraft kinoda” we “Günäliler” filmlerinden soň yzygider üçünji kassa üstünligi boldy. Mundan öň studiýa Robert Pattinson bilen “Mikki 17”, Robert De Niro bilen “Paýhasly ýigitler” we Ledi Gaga hem Hoakin Feniks bilen “Joker: Iki adamlyk telbelik” filmleriniň şowsuzlygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.
Täze bölümiň sýužeti talyp gyz Stefaniniň töwereginde ýaýbaňlanýar. Ol ölüm zynjyrynyň arasyny üzüp, maşgalasyny halas edip biljek adamy tapmaga çalyşýar.
Filmiň režissýory Adam B.Steýn we Zak Lipowski boldy. Tankytçylar we tomaşaçylar filme oňyn syn berdi, bu hem onuň prokatdaky üstünligine täsir etdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......