Paramount “Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” multfilminiň relizini yza süýşürdi

  • 18.05.2025 22:46
  • 2.7k+

“Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi” (Легенда об Аанге: Последний маг воздуха) animasion filmi garaşylandan giç çykar. Paramount reliziň 2026-njy ýylyň ýanwaryndan oktýabryna süýşürilendigini habar berdi diýip, Variety ýazýar.

Film tomaşaçylaryň animasion älemi Jeýms Kemeronyň taslamasy bilen bulaşdyrmazlygy üçin “Awatar” diýlip atlandyrylmady.
Reliziň yza süýşürilmegi bilen Paramount filmiň logotipini hem hödürledi.


Şeýle-de, studiýa 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabryna meýilleşdirilen “Nindzýa pyşbagalary: Mutantlaryň ýeňlişi” (Черепашки-ниндзя: Погром мутантов) multfilminiň dowamynyň çykmagyny soňa goýdy. Onuň premýerasy 2027-nji ýylyň sentýabrynda bolar.
“Aang hakynda rowaýat” multfilminiň sýužeti barada maglumat ýok. Ýöne filmiň wakasynyň “Awatar: Aang hakynda rowaýat” bilen “Korra hakynda rowaýat” seriallarynyň arasynda ýaýbaňlanýandygy belli. Waka global derejeli howpa däl-de, ýerli dawa gönükdirilse gerek.
Taslamada baş keşplere Erik Nam (uly ýaşly Aang) we Deýw Batista (esasy antagonist) ses berýär. Şeýle-de, filme Daýonn Kwon, Jessika Matten we Roman Saragosa gatnaşdy, ýöne olaryň keşpleri açylyp görkezilmeýär. Filmiň ilkinji kadrlary iýun aýynda görkezilip bilner.
Filmden başga-da, önümçilikde täze multserial bar, onuň relizi 2027-nji ýyldan ir bolmaz. “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......