«Hey, Copilot!»: Windows-da emeli aňy ses bilen işjeňleşdirmek mümkinçiligi synag edilýär

  • 18.05.2025 16:44
  • 1.3k+

Microsoft korporasiýasy täze «Copilot Voice» atly ses bilen dolandyrylýan mümkinçiligi synag edip başlady. Bu aýratynlyk Windows 11 ulanyjylaryna diňe «Hey, Copilot!» diýmek arkaly emeli aň kömekçisi bilen söhbetdeşlige başlamaga mümkinçilik berer. Windows Insider maksatnamasyna gatnaşýan ulanyjylar operasion ulgamy täzelänlerinden soň, sazlamalardan bu aýratynlygy açyp ulanyp bilerler.

Ses arkaly emeli aň kömekçisini işe girizmek Apple Siri, Amazon Alexa, Google Assistent (häzirki wagtda Gemini) ýaly hyzmatlarda eýýäm birnäçe ýyl bäri ulanylýar. Mundan ozal Microsoft-da Cortana bardy, onuň ornuna Copilot geldi. «Copilot Voice» aýratynlygy sesli kömekçi üçin ýörite täze klawişi ýa-da adaty düwmeleriň kombinasiýasyny ulanmak islemeýänler üçin has amatly bolup biler.
Täze aýratynlyk Copilot programmanyň 1.25051.10.0 we ondan ýokary wersiýalarynda sazlamalardan işjeňleşdirilýär. Täzelenme tiz wagtda iňlis dilini esasy dil hökmünde saýlan ähli Windows Insider gatnaşyjylary üçin elýeterli bolar. Funksiýa işjeňleşdirilenden soň, ekranyň aşagynda mikrofonly Copilot wijeti peýda bolýar we onuň işjeňdigi baradaky bildiriş görkezilýär. Bu programmada ses maglumatlary diňe enjamyň özünde, ýerli ýagdaýda işlenýär we 10 sekunt saklanýar, ýagny ses ýazgylary hiç ýere iberilmeýär hem-de bulut ulgamynda saklanmaýar. Ses bilen işjeňleşdirme internete birikmezden hem işleýär, ýöne Copilot-yň doly mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin internet zerur, sebäbi onuň emeli aň ulgamy bulut arkaly ýerleşýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......