Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge-iň mahabatynda iPhone-y ýaňsylaýar

  • 17.05.2025 14:51
  • 9.4k+

Samsung şu hepde ýogynlygy 5,85 mm bolan Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi. Şondan soň, kompaniýa iki wideo çykaryp, onda öz smartfonynyň ýeňil agramyna we inçeligine ünsi çekip, ony iPhone 16 Pro bilen deňeşdirdi.

Samsung tarapyndan Instagram-da ýerleşdirilen birinji wideoda geliý şarlarynyň kömegi bilen howada gaýýan iki smartfon görkezilýär. Galaxy S25 Edge-e 61 şar, iPhone-a hem şonça şar berkidilen. Ýuwaş-ýuwaşdan bu şarlar deşilip başlaýar. Netijede, iPhone aşak düşüp başlaýar, Galaxy S25 Edge bolsa az sanly şarlar bilen howada gaýmagyny dowam etdirýär. Bu hem Galaxy S25 Edge-iň agramynyň ýeňildigini görkezýär. Belläp geçsek, bu smartfonyň agramy 163 g, iPhone 16 Pro – 199 g barabar.
Ikinji wideoda smartfonlar konweýer lentasy boýunça hereket edip, kem-kemden daralýan yşlardan geçýär. Galaxy S25 Edge 5,8 mm aralykdan geçýär, iPhone 16 bolsa 8 mm aralykda saklanyp galýar.
Belläp geçsek, Samsung inçe korpusy döretmek üçin käbir aýratynlyklardan geçmeli boldy. Galaxy S25 Edge-iň akkumulýatorynyň sygymy 3900 mA/sag bolup, bu adaty Galaxy S25-den has azdyr. Esasy kamera iki bölekden durýar, zarýad kuwwaty bolsa Galaxy S25 Ultra-daky 45 Wt bilen deňeşdirilende 25 Wt bilen çäklenýär.
Geljekde Galaxy S25 Edge-iň bäsdeşi peýda bolup biler. Gürrüňlere görä, Apple korpusynyň ýogynlygy 5,5 – 5,65 mm bolan iPhone 17 Air-i taýýarlaýar. Onuň reliziniň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolmagyna garaşylýar. Bu barada giňişleýin maglumat heniz ýok.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....