Marsda ilkinji gezek polýar şöhleleri surata düşürildi

  • 17.05.2025 13:28
  • 5k+

NASA-nyň Perseverance mars roweri ilkinji gezek Marsda polýar şöhleleriniň emele gelýän pursadyny surata almagy başardy. Bu hadysa Günden gelýän koronal massa zyňyndylarynyň netijesinde ýüze çykdy. MAVEN we Mars Express atly missiýalaryň maglumatlary bu açyşy tassyklady.

Bu hadysa güýçli massa zyňyndylary bolandan birnäçe gün soň, 2024-nji ýylyň 18-nji martynda bolup geçdi, emma bu barada NASA indi maglumat berdi. Günüň bölejikleri Marsa ýetende, planetanyň asmanynda ähli tarapa deň bolan ýagtylyk döredi. Ýezero krateriniň üstündäki gijeki asman çalaja, ýöne aýdyň ýaşyl reňk bilen ýagtylandy. Şol pursady Perseverance-iň kameralary surata düşürdi.
Marsda şeýle hadysalaryň bolup geçýändigi öňdenem bilinýärdi, emma adamlar ilkinji gezek onuň surata düşürilen pursadyna şaýat boldular.
Hadysanyň hakykatdanam bolup geçendigini anyklamak üçin, alymlar MAVEN apparatyndaky SEP datçiginiň we Mars Express-däki maglumatlaryň kömegi bilen barlag geçirdiler. Netijede, bu şöhleleriň Günüň energiýasynyň bölejikleri tarapyndan döredilendigi subut edildi.

«Bu missiýalaryň arasyndaky ajaýyp utgaşyklygyň nusgasydyr. Astronawtlaryň bir gün öz gözi bilen görjek hadysasyny düşürmek üçin biz gaty çalt işledik» — diýip, Kolorado uniwersitetinden MAVEN-iň baş gözlegçisi Şennon Karri aýtdy.

Perseverance-iň geçiren synlary şöhleleriň 557,7 nm tolkun uzynlygyndaky ýagtylyk bilen baglanyşyklydygyny, ýagny onuň Ýerdäki ýaşyl polýar şöhlelerine meňzeşdigini görkezdi.

«Perseverance-iň geçiren synlary Marsdaky polýar şöhleleri öwrenmegiň täze usulydyr. Şeýle hadysalara düşünmek bolsa, adamlary Marsa howpsuz ugratmak üçin örän möhüm bolup durýar» — diýip, NASA-nyň Reaktiw hereketler laboratoriýasyndaky Perseverance taslamasynyň ylmy ýolbaşçysy Keti Stek Morgan belläp geçdi.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...