Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max surata we wideo düşürmekde deňeşdirildi

  • 17.05.2025 09:03
  • 9.1k+

Techno Arena-nyň YouTube kanalynda Samsung Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max-yň kameralarynyň deňeşdirilişi boýunça wideo neşir edildi. Ähli görkezijiler boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmady.

Iki smartfon hem öň tarapdaky kamera arkaly sekuntda 30 kadrda 4K wideo düşürmegi goldaýar. Gündiz düşürilen suratlarda iPhone-da asman has dramatiki görnüşde, Samsung-da bolsa has deň we tekiz. S25 Edge kölegeler bilen has gowy işleşýär. Samsung-yň suratlarynda reňkler sowuk, iPhone-da bolsa ýyly.
Iki enjamda-da iki esse ýakynlaşdyrylyp düşürilen suratlaryň hili şol bir derejede. iPhone-da bäş esse ýakynlaşdyrylyp düşürilen suratlar has takyk.
Portret suratlary biri-birinden tapawutlanýar: käwagt Samsung has gowy netije berýär, käwagt iPhone. iPhone bilen düşürilen selfi suratlarda deriniň reňki has takyk görkezilýär.


Esasy we giň burçly kameralar bilen 4K 30 kadr/sek wideo düşürmekde iPhone has gowy: onuň dinamiki diapazony giň we reňkleri has takyk.
iPhone bilen pes ýagtylykda düşürilen selfi suratlar has takyk we deriniň reňki has tebigy. Ýöne iň pes ýagtylykda S25 Edge öňe saýlanýar: hem esasy, hem-de giň burçly kamerasy boýunça.
Iki we üç esse ýakynlaşdyrmakda Samsung ýagtylyk çeşmeleri bilen has gowy işleşýär. Bäş esse ýakynlaşdyrmakda eýýäm iPhone has gowy.
Pes ýagtylyk şertlerinde portret surata düşürişde netijeler üýtgeýär: kä halatlarda Samsung, kä halatlarda bolsa iPhone öňe saýlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, «Ice Universe» lakamly insaýderiň bellemegine görä, Galaxy S25 Edge kamerasy boýunça S25 Ultra-dan hem has gowy. Dört esse ýakynlaşdyrylyp düşürilen suratlarda, Galaxy S25 Edge-de jikme-jikler has takyk.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....